img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANDA AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI BELLENILÝÄR

photo

Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtda hem-de ýurduň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary, konsertler, sergiler we döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Bu baýramyň orta mekdepleriň uçurymlarynyň "Soňky jaň" dabarasy bilen utgaşmagynda hem özboluşly many bar. Goşa baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreler egsilmez şatlyk-şowhuna beslenýär.

Bu baýramçylyk 2013-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Şol ýyl Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle-de Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini bellemek gerek.

Baş şäheriň baýramçylygy bilen utgaşyklylykda, ýurduň paýtagtynda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi hem geçirilýär. Sergi şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurduň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli watandaşlarymyza iberen gutlagynda ak şäherimiz Aşgabadyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ajaýyp binagärlik keşbi we amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar barada bellenilýär.