img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ ANENII NOÝ ETRABYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi (Kiýew şäherinde oturýar) Toýly Ataýew iş saparynyň çäginde meşhur türkmen ýazyjysy we habarçysy Nurmyrat Saryhanowyň ýadygärligini hatyralamak we Delakeu obasynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna baryp görmek üçin Anenii Noý etrabyna bardy.

Türkmen wekiliýeti bu ýerde sebit administrasiýasynyň binasynda etrabyň ýolbaşçysy Moiseý Aleksandru bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk hoşniýetli we dostlukly ýagdaýda geçdi.

Gepleşikleriň dowamynda etrabyň ýolbaşçysy türkmen tarapyny sebitiň durmuş-ykdysady mümkinçilikleri bilen jikme-jik tanyşdyrdy we Anenii Noý etrabynyň ýurduň esasy oba hojalyk merkezleriniň biridigini, oba hojalyk önümlerini öndürmäge we gaýtadan işlemäge üns berilýändigini belledi. Sebit däne, gök we miwe ösdürip ýetişdirmek, şeýle hem maldarçylyk ýaly ugurlary üstünlikli ösdürýär, olaryň ep-esli bölegi eksporta ugradylýar.

Administrasiýanyň ýolbaşçysy türkmen hyzmatdaşlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.