img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

AŞGABATDA MEŞHUR AHALTEKE BEDEWI PYÝADA BAGYŞLANAN ÝADYGÄRLIK AÇYLDY

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň çäginde ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewi Pyýada bagyşlanan ýadygärligiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Çäre Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemegiň çäklerinde geçirildi diýip, «Turkmenportalyň» habarçysy habar berýär. Pyýada ahalteke tohumynyň iň görnekti wekilleriniň biridir.

Ýadygärligiň açylyşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şöhratly bedewiň bitiren hyzmatlaryny ýatlap geçdi: ol 1998-nji ýyldan 2001-nji ýyla çenli yzly-yzyna dört ýyl ahalteke atlarynyň milli gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, 2008-nji we 2009-njy ýyllarda bolsa Daşkentde geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy» atly halkara bäsleşigiň baş baýragyny iki gezek eýeledi.

Şeýle hem toplumyň atçylyk sport meýdançasynda ahalteke bedewleriniň arasynda halkara gözellik bäsleşigi geçirildi. Onuň ýeňijisi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedew boldy.