TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISINI GEÇIRDI
01.04.2026ý. senede Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. B.Gündogdyýew ýurduň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatda amala aşyrylan işler, şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyryşyň barşy barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri kämilleşdirmek, ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň, milli goşuny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmakda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini yzygiderli öwrenmegiň möhümdigini belledi hem-de raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça işleriň guramaçylykly ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany ýurduň goranyş häsiýetli harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletiň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurduň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.