img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN MMA SÖWEŞIJISI ABBAS ABBASOW 17-NJI APRELDE ABŞ-DA NOBATDAKY TUTLUŞYGYNY GEÇIRER

photo

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen türgeni Abbas Abbasow 17-nji aprelde ABŞ-da geçiriljek LFA 231 (Legacy Fighting Alliance) ýaryşynyň çäklerindäki tutluşyga gatnaşar. Bu ýaryş Minnesota ştatynyň Praýor-Leýk şäherindäki Mystic Showroom konsert zalynda geçiriler.

Häzirki wagta çenli Abbasowyň ussatlar derejesindäki söweşlerindäki rekordy bäş ýeňişden we bir ýeňlişden ybarat. Türgeniň özi ýene birnäçe üstünlikli çykyşlaryň oňa dünýäniň iň iri garyşyk başa-baş söweş sungatynyň promouşeni bolan UFC-e ýol açjakdygyna ynanýar.

Türkmenistanda doglan, ozal dzýudo boýunça ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony bolan Abbasow ABŞ-a göçüp, şol ýerde sport ýoluny dowam etdirdi we MMA-a geçdi. Häzirki wagtda ol Amerikanyň öňdebaryjy taýýarlyk merkezleriniň biri bolan Florida ştatyndaky «American Top Team» merkezinde türgenleşýär.