ARKADAG ŞÄHERINDE 2026-NJY ÝYLYŇ ŞYGARYNYŇ ÄHMIÝETI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2-nji ýanwarda Arkadag şäheriniň häkimliginde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi – diýip.
Dabaraly çärä Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ýolbaşçylary hem-de bu ugra ýöriteleşdirilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, pudagyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulylary, döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, aýdym-saz sungatynyň ussatlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň durmuşyndaky aýratyn ornuny nygtadylar. Dünýäni haýrana galdyrýan täsin gözelligi bilen tapawutlanýan bu ajaýyp bedewleriň milletiň buýsanjy we ruhy ganatydygy bellenildi. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy diýip, çykyş edenler aýtdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty belent derejelere göterilýär. Döwlet tugrasynyň merkezinde ajaýyp ahalteke bedewiniň şekiliniň ýerleşdirilmegi hem munuň ýöne ýerden däldigini görkezýär.
Bellenilişi ýaly, ahalteke tohum atlarynyň abraý-şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzyň atşynaslyk sungatyny ösdürip, dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek baradaky aladany döwlet syýasatynyň derejesine çykardy. Munuň ýekeje bir mysaly hökmünde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen ýyl, mundan öňki ýyllarda hem birnäçe gezek bolşy ýaly, Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolup, toparyň agzalaryna birnäçe baýraklaryň gowşurylandygyny.
Çykyş edenler şeýle hem 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan ýylyň ilkinji maslahatyň ahalteke bedewleriniň Watany bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýerleşýän ýerinde geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler.
Soňra sungat ussatlarynyň çykyşlarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapdy.
Häkimligiň giň eýwanynda Arkadag şäheriniň ösüşlerini we ahalteke bedewleriniň gözelligini şöhlelendirýän şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň, halylaryň, şaý-sepleriň hem-de fotosuratlaryň sergisi guraldy.