TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMEN HALKYNY TÄZE 2026-NJY ÝYL BILEN GUTLADY

img
img
img
img
img
img

Türkmenistan Täze ýyly uly dabara bilen garşy aldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny täze- 2026-njy ýyly bilen gutlady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag ýüzlenmesinde 2025-nji ýylda ýurtda iri möçberli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilendigini, senagat we oba hojalyk pudaklarynyň ösdürilendigini, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylandygyny belledi.

“Biz täze ýyly ýagty arzuwlar we uly umytlar bilen garşy alýarys. Geljek ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyny belläris hem-de Watanymyzy bagtyýarlyk we abadançylyk höküm sürýän ýurda öwürmek üçin zähmet çekmegi dowam etdireris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynda nygtady. 

Gutlagynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikler arzuw edip, 2026-njy ýylyň täze gazanylan üstünlikleriň ýyly boljakdygyna ynam bildirdi.

Täze ýylyň bellenilmegine bagyşlanan baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň ähli sebitlerinde geçirildi. Dabaralar türkmen paýtagtynyň asmanyny bezän ajaýyp baýramçylyk feýerwerki bilen jemlendi.