Awaza milli syýahatçylyk zolagynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi.
Bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, halkara maslahata gatnaşyjylar kaşaň binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergide Türkmenistanyň geçen 30 ýylyň içinde daşary syýasatda ýeten sepgitleri, bu ugurda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän gymmatlyklar görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa maslahaty açyp, hemmelere «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara foruma gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Foruma gatnaşyjylara işjeň we ähmiýetli dialogyň garaşýandygyny nygtap, hemmelere netijeli işi arzuw etdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyşyny Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinden biri bolan rus dilinde dowam edip, şu günki maslahatda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de bu maslahatyň geçirilmeginiň asylly däbe öwrüljekdigine ynam bildirdi.
– Biz bu maslahatyň tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna, bu ulgamda bilelikdäki halkara işiň mümkinçiliklerini has anyk kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynanýarys diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy.
Gaznanyň wise-prezidenti sözüni dowam edip, şu günki duşuşygyň halkara gün tertibiniň hemmelerden diňe bir ynsanperwerlige ygrarlydygyny tassyklamagyny däl, eýsem, döwletleri birleşdirýän anyk çözgütleri tapmagy talap edýän möhüm döwürde geçýändigine ünsi çekdi.
Oguljahan Atabaýewa zenanyň çagada ilkinji durmuş gymmatlyklaryny kemala getirýändigini, maşgalada ynanyşmak ýagdaýyny döredýändigini, parahatçylyk, hormat goýmak we ynanyşmak medeniýetini terbiýeleýändigini aýratyn nygtady.
Mälim bolşy ýaly, türkmen jemgyýeti zenana hormat we sarpa goýmak esasynda gurlandyr. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde biziň durmuşumyzdaky ähli gowulyklaryň ene bilen baglanyşyklydygyny belleýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy bu ugurda birnäçe giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda çagalar üçin mekdepleri we hassahanalary döretmek, ýöriteleşdirilen merkezlerde çagalaryň saglygyny dikeltmek, degişli sebitlere halkara ynsanperwer goldawyny bermek boýunça maksatnamalar bar.
Şeýle hem Oguljahan Atabaýewa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýetini belledi. 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde geçen Dialoga gatnaşyjylaryň duşuşygy zenan ýolbaşçylaryň sebitde ynanyşmagy we döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy möhüm şertleriň birine öwrülýändigini görkezdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biz halkara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde täze netijeli formatlary hem-de platformalary döretmäge goşant bolup biljek anyk teklipleri öňe sürmäge çalyşýarys diýip, gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa belledi.
Birinji başlangyç: Çagalaryň saglygy hakynda ählumumy pakt. Bu başlangyjyň çäklerinde halkara derejede bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin platformalaryň biri bolup biljek çaga saglygy hakyndaky halkara paktyny döretmek teklip edilýär. Ýaşaýan ýerine, jemgyýetçilik derejesine ýa-da ýaşaýyş-durmuş şertlerine garamazdan, çagalaryň saglygy üçin döwletleriň we halkara guramalaryň bitewi jogapkärçilik gurşawyny döretmek bu başlangyjyň maksadydyr.
Çagalaryň saglygy baradaky ählumumy pakt BMG-niň, ÝUNISEF-niň, BSGG-niň, hökümetleriň we ynsanperwer gaznalaryň tagallalaryny birleşdirýän hem-de çagalaryň saglygy babatda deňsizlige ýol bermezlik barada halkara ynsanperwer ylalaşygy emele getirýän gural, ýagny täzelenen ählumumy ylalaşyk bolup biler.
Ikinji başlangyç: «Ynsanperwer merkezler» atly zenanlary we çagalary goldamak merkezleriniň halkara tory. Bu başlangyç ynsanperwer goldawyň ählumumy infrastrukturasynyň — gapma-garşylyklar, tebigy betbagtçylyklar, migrasion akymlar ýa-da sosial çökgünlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtlarda ýerleşdiriljek Ynsanperwer merkezleriň torunyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
ÝUNISEF, BSGG, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, BMG — Zenanlar ýaly möhüm düzümleriň, iri haýyr-sahawat gaznalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny birleşdirýän bitewi halkara platformanyň döredilmegi bu başlangyjyň möhüm bölegidir.
Oguljahan Atabaýewa beýan edilen başlangyçlaryň halkara jemgyýetçilikde goldaw tapjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti türkmen tarapynyň bu başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça netijeli dialoga taýýardygyny tassyklady.
Çykyşynyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa hemmeleri çagalardan görelde almaga we olar üçin parahat geljegi gurmaga çagyrdy.
Soňra plenar mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi.
Çykyş etmek üçin, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa söz berildi.
T.Walowaýa gender deňliginiň üpjün edilmeginiň, Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, zenanlaryň hukuklaryny ilerletmekde, olaryň döwlet durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde halkara guramalaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. Şunda BMG-niň durmuşa geçirýän işlerine uly orun degişlidir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň bu ugurda amala aşyrýan işlerine ýokary baha berdi.
Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanda halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn çemeleşmäni öňe sürmek we ählumumy derejede inklýuziw jemgyýetleriň ösüşine ýardam bermek maksady bilen, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we sebitleýin merkezleriniň işini pugtalandyrmakda Tatýana Walowaýanyň goşandyna ýokary baha berilýändigini nygtady.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa söz berildi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň maşgala institutyny ösdürmekde we zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny berkitmekde möhüm ähmiýetini belledi.
Şeýle hem S.Mirziýoýewa forumyň dowamynda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin täze çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanyljakdygyna ynam bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyna Saida Mirziýoýewa baý mazmunly çykyşy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onda durmuş taýdan goragyň, çagalara we maşgalalara goldaw bermegiň, şeýle hem ähli raýatlar üçin deň mümkinçilikleri döretmegiň möhümdiginiň nygtalýandygyny aýtdy.
Soňra Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa söz berildi.
Leýla Aliýewa şunuň ýaly möhüm halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilýän bu maslahatyň netijeleriniň bu ugurda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin berk binýat goýjakdygyna ynam bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çykyşy üçin Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidentine minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Leýla Aliýewanyň beýan eden pikirleri özara düşünişmegi pugtalandyrmaga we ählumumy derejede durmuş taýdan ähmiýetli taslamalary goldamaga gönükdirilen ynsanperwer hem-de medeni başlangyçlaryň möhümdigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Geýdar Aliýew gaznasynyň möhüm orny bellenildi.
Soňra gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş etmek üçin San-Tome we Prinsipi Demoktarik Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Selmira du Sakramentu söz berdi.
Selmira du Sakramentu bu halkara maslahata gatnaşýandygyna şatdygyny aýdyp, forumyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin, hususan-da, gender deňligi babatda maksady gazanmak üçin utgaşdyrylan hereketleri işläp taýýarlamakda we öňdebaryjy tejribäni alyşmakda möhüm platforma bolup durýandygyny belledi we forumyň işine üstünlikleri arzuw etdi.
San-Tome we Prinsipiniň Milli Assambleýasynyň Başlygy gender deňligini üpjün etmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belläp, bu babatda Türkmenistanyň toplan tejribesine ýokary baha berdi.
Oguljahan Atabaýewa myhmana çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onda San-Tome we Prinsipiniň demokratik institutlaryň işini pugtalandyrmaga, syýasy we jemgyýetçilik proseslerinde zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge ygrarlydygyny görkezýän işleriň beýan edilýändigini, munuň bolsa halkara bileleşigiň ählumumy derejede ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigini belledi.
Soňra Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Dilrabo Mansuri Saýdullo çykyş etdi.
Ol halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk we sahawatly türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet syýasatynda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de forumyň jemleriniň şol asylly işlere kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň orunbasaryna çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň zenanlara durmuş taýdan goldaw bermek we maşgala institutyny berkitmek bilen bagly beýan edenleriniň Täjigistanyň bu ugra ulgamlaýyn çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.
Oguljahan Atabaýewa Köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň bilelikdäki başlangyçlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigini ynam bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa söz berildi.
A.Ataýewa zenanlaryň hukuklaryny goramagyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridigini aýdyp, bu ugurda Türkmenistanyň BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda zenanlaryň we çagalaryň saglyklaryny hem-de hukuklaryny goramak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine möhüm orun degişlidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çuňňur manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onda Aksoltan Ataýewanyň adam maýasyny ösdürmek, innowasion işler we medeni mümkinçilikler babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny belläp geçendigini aýtdy.
Türkmenistan köpugurly dialogy ösdürmäge, gender deňligini ilerletmäge we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşýar. Halkara bileleşigiň zenanlaryň we ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin amatly şertleri döretmek ugrunda edýän tagallalaryny goldamak möhümdir.
Soňra Eswatini Patyşalygynyň içeri işler ministri Lindiwe Dlaminä söz berildi.
Lindiwe Dlamini halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Oguljahan Atabaýewa baý mazmunly çykyşy üçin Lindiwe Dlaminä minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň çykyşynda beýan edilen ileri tutulýan ugurlaryň durmuş we ykdysady meseleleri çözmäge, ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge we zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny pugtalandyrmaga toplumlaýyn çemeleşmeleri durmuşa geçirmek maksadyna gönükdirilendigini belledi.
Soňra Malaýziýanyň zenanlar, maşgala we jemgyýetçilik ösüşi ministri Dato Şri Haja Nensi Şukri çykyş etdi.
Ol Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle giň gerimli forumyň geçirilmegi zenanlaryň işjeňliginiň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Şunuň bilen bir hatarda, Malaýziýanyň zenanlar, maşgala we jemgyýetçilik ösüşi ministri zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, şeýle çemeleşmäniň oňyn netije berjekdigine ynam bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa çykyşy üçin myhmana hoşallyk bildirip, zenanlaryň döwlet işiniň degişli ugurlarynyň ösdürilmegine gatnaşmagynyň sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Halkara forum Kataryň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misnediň çykyşy bilen dowam etdi.
Ol, ilki bilen, dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, bu maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Marýam bint Ali Al-Misned zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna bagyşlanan halkara maslahatyň dünýä jemgyýetçiligi üçin taryhy ähmiýetiniň bardygyny belläp, soňky ýyllarda zenanlaryň durmuşyň dürli ulgamlarynda işjeňlik görkezýändiklerini nygtady we şu günki maslahatyň olaryň hukuklaryny giňeltmek babatda alnyp barylýan işlere täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Gaznanyň wise-prezidenti jemgyýetçilik durmuşynda zenanlaryň ornuny pugtalandyrmak bilen bagly möhüm ugurlary, şeýle hem durmuş we ynsanperwer ulgamlarda halkara dialogy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çemeleşmeleri beýan eden şeýle giňişleýin çykyşy üçin dostlukly ýurduň döwlet ministrine minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, munuň özi bir aý mundan ozal Dohada geçirilen Durmuş ösüşi boýunça ikinji Bütindünýä sammiti bilen baglylykda, möhüm ähmiýete eýedir. Zenanlaryň ýolbaşçylygyny goldamak, bilim maksatnamalaryny ösdürmek, hünär taýdan ösüş üçin mümkinçilikleri döretmek we zenanlaryň çözgütleri kabul etmek proseslerine gatnaşmagy häzirki zaman jemgyýetini ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir.
Soňra Eýranyň Hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh Mohajeranä söz berildi.
Fatemeh Mohajerani foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, zenanlaryň hukuklarynyň giňeldilmeginiň, olaryň döredijilik ukyplarynyň durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň döredilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we şu günki maslahatyň bu ugurda halkara tagallalary utgaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa Eýranyň Hökümetiniň metbugat sekretaryna şeýle täsirli we maglumata baý çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gün bu ýerde derwaýys meseleler boýunça pikir alyşmaga, zenanlaryň gatnaşmagynda sebit we halkara derejede hyzmatdaşlyk üçin platforma döretmäge mümkinçiligiň bardygyna kanagatlanma bildirdi.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Žanna Çefranowa söz berildi.
Žanna Çefranowa zenanlaryň durmuşyň ähli ulgamlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin köptaraplaýyn dialogy we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm ähmiýetini belläp, bu ugurda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berdi.
Şeýle hem RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bu maslahata guramaçy bolup çykyş etmeginiň ynsanperwer ýörelgelere berk ygrarlydygyna şaýatlyk edýändigini nygtady.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çuňňur manyly çykyşy üçin Žanna Çefranowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onuň öňe süren başlangyçlarynyň netijeli durmuş gün tertibini kemala getirmekde hem-de raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goraýan institutlaryň işini pugtalandyrmakda
Oguljahan Atabaýewa dostlukly ýurduň wekiliniň beýan eden çemeleşmeleriniň kanun çykaryjy mehanizmleri kämilleşdirmek, sosial institutlary ösdürmek we durmuş üpjünçiligi ulgamyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işleri görkezýändigini belledi.
Soňra çykyş etmek üçin Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň wise-prezidenti we Sekretariatynyň birinji agzasy Huan Sýaoweýe söz berildi.
Huan Sýaoweý şu günki çäräniň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny, hususan-da, gender deňligine bagyşlanan bäşinji maksadyny gazanmaga gönükdirilen bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak we tejribe alyşmak üçin netijeli platforma bolup durýandygyny belledi we köptaraplaýyn dialogyň bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredýändigini aýtdy.
Zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge, maşgalalara durmuş taýdan goldawy artdyrmaga, zenanlaryň çözgütleri kabul etmek we durmuş syýasatyny emele getirmek proseslerine gatnaşygyny işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň wise-prezidenti hytaý tarapynyň sosial infrastrukturany gowulandyrmak, mümkinçiliklere deň elýeterliligi üpjün etmek, şeýle hem gender deňligini we oňyn durmuş özgertmelerini ilerletmek boýunça yzygiderli işleri durmuşa geçirýändigini bellemegiň ýakymlydygyny aýtdy.
Soňra Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa çykyş edip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi we gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligini giňeltmek boýunça halkara tagallalary utgaşdyrmakda şu günki maslahatyň ähmiýetini belledi.
Oguljahan Atabaýewa baý mazmunly çykyşy üçin goňşy ýurduň saglygy goraýyş ministrine çuňňur minnetdarlyk bildirip, milli, sebit we halkara derejelerde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň jemgyýetiň abadançylygyna we ösüşine gönüden-göni täsir edýändigini aýtdy.
Maslahat Gyrgyz Respublikasynyň bilim ministri Dogdurkul Kendirbaýewanyň çykyşy bilen dowam etdi.
Dogdurkul Kendirbaýewa şu günki geçirilýän forumyň möhüm ähmiýetini belläp, zenanlaryň bilime we saglygy goraýşa elýeterliligini gowulandyrmak üçin halkara dialogy dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gender deňligini üpjün etmek babatda halkara standartlary milli strategiýalara ornaşdyrmaga ýardam berýändigini aýdyp, şu günki maslahatyň netijeleriniň zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň bilim ministrine minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda durmuş we ynsanperwer ulgamlarynda ýüze çykýan umumy meseleleri çözmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp geçendigini aýtdy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmelere baý mazmunly, täsirli we ruhlandyryjy çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi
Oguljahan Atabaýewa maslahatyň netijeleri boýunça kabul ediljek jemleýji resminamanyň ynsanperwer ulgamdaky halkara tagallalara uly goşant boljakdygyna we bilelikdäki ädimleriň geljekde iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa maslahata gatnaşyjylara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 12-nji dekabrda belleniljek Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
***
Soňra halkara maslahat öz işini «Zenanlaryň we çagalaryň bähbidine döwlet dolandyryşy we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işler», «Zenanlar üçin ykdysady mümkinçilikler», «Bilim, çagalary terbiýelemek, saglygy goraýyş we ekologiýa ulgamlarynda zenanlaryň jemgyýetçilik işjeňligi» atly bölümlerde dowam etdi.
***
Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.