GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW SERHETABAT–HYRAT GAZ GEÇIRIJISINIŇ NOBATDAKY TAPGYRYNA AK PATA BERDI
20.10.2025ý. senede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan" gaz geçiriji taslamasynyň "Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat" gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň uzynlygy 153 kilometr wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin 200-den gowrak täze, häzirki zaman kuwwatly tehnikalar satyn alyndy.
Türkmenistan Owganystan bilen özara hormat goýmak we dost-doganlyk gatnaşyklaryň esasynda giň gerimli bilelikdäki taslamalary, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda dürli taslamalary üstünlikli amala aşyrýar. Munuň özi goňşy ýurduň parahatçylykly durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi we häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin aýratyn ähmiýete eýedir.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat – Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy – Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy – Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Serhetabat – Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň abadan durmuşyny pugtalandyrmaga yzygiderli goldaw berýär.