13 SANY TÜRKMEN ÝOKARY OKUW MEKDEBI DÜNÝÄ UNIWERSITETLERINIŇ REÝTINGINE GIRDI

photo

Golaýda Beýik Britaniýanyň «Times Higher Education» («THE») guramasy tarapyndan yglan edilen netijelere görä, Türkmenistanyň 13 sany ýokary okuw mekdebi «reporter» («habarçy») derejesi bilen «THE World University Rankings 2026» atly dünýä uniwersitetleriniň 22-nji gezek çap edilen reýtingine girizildi.

Olar:

1. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty;

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty;

3. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty;

4. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti;

5. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti;

6. M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti;

7. Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti;

8. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty;

9. Türkmen oba hojalyk instituty;

10. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti;

11. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty;

12. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty;

13. Türkmenistanyň döwlet maliýe instituty.

«THE» guramasynyň halkara hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan täze usulyýet boýunça uniwersitetleriň işine toplumlaýyn baha berilýär. Ol 18 sany seljerilen görkezijä esaslanýar we ýokary okuw mekdepleriniň netijeliligini şu bäş esasy ugur boýunça ölçemäge mümkinçilik berýär: okuw (bilim bermek derejesi), ylmy-barlag işleri, ylmy işleriň hil derejesi, senagat bilen hyzmatdaşlyk, halkara derejesindäki mümkinçilikler.

«THE World University Rankings 2026» sanawyna dünýäniň 115 ýurdundan we territoriýasyndan 2191 uniwersitet girizildi.