TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DOHADA KATARYŇ EMIRI BILEN DUŞUŞDY

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 15-nji sentýabrda Dohada Katar Döwletiniň Emiri, Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow katar tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi. Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Katara kyn döwürde bildirilýän goldaw üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky ýokary ynam derejesini hem-de doganlyk gatnaşyklaryny nygtap, ykdysadyýetde, energetikada we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini bellediler. Şeýle hem BMG we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara meýdançalarynda hereketleriň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.