TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DOHADA KATARYŇ DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýekşenbe güni Dohada Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Mariam bint Ali bin Naser Al-Misnad bilen duşuşdy.
Kataryň resmi habar gullugy QNA-nyň habar bermegine görä, gepleşikler Dohada geçirilýän nobatdan daşary Arap-Yslam sammitiniň öňüsyrasynda Daşary işler ministrleriniň taýýarlyk maslahatynyň çäklerinde geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Taýýarlyk maslahaty Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Taniniň başlyklyk etmeginde geçirildi. Oňa Arap döwletleriniň ligasy hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşdy diýip, Kataryň resmi metbugaty habar berýär.