Türkmen dizaýneri Parižde öz işleriniň ýygyndysyny görkezdi
Şu ýylyň 7-10-njy iýuly aralygynda türkmen dizaýneri Göwher Pirkuliýewa - Guwerne 2025-2026-nji ýylyň tomus-güýz möwsümi üçin Parižiň ýokary moda hepdesinde öz işleriniň ýygyndysyny görkezdi.
Öz işleri bilen tanalýan Göwher Pirkuliýewa-Guwerne milli türkmen öwüşginlerini dünýä modasynyň häzirki döwrebap aýratynlyklaryny ussatlyk bilen utgaşdyryp, öz ukybyny täzeden açyp görkezdi. Onuň täze ýygyndysy moda tomaşaçylarynda we tankytçylarynda gündogaryň nepisligini günbataryň çeperçiligi bilen sazlaşykly birleşdirip bilmegi uly täsir galdyrdy.
Dizaýneriň döredijiligi milli lybasa täzeçe düşünilmegine aýratyn çemeleşme talap etmegi bilen tapawutlanyp, ol häzirki zaman lybaslaryň şekillerini döretmek bilen şol bir wagtda türkmen milli medeni mirasy bilen çuňňur baglanyşygy emele getiripdir. Bu ýörelge onuň işleriniň şygaryna öwrülip, halkara derejesinde tanalmagyna getirýär.
Ol öň hem Parižiň we Milanyň moda görkezilişlerinde üstünlikli çykyş edipdi. Türkmen dizaýneriniň her bir çykyşy Merkezi Aziýanyň milli däp-dessurlaryna bolan gyzyklanmany artdyryp, gündogar bilen günbataryň arasynda medeni gepleşikler üçin täze mümkinçilikleri açýar.