Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygyna mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine hem-de dostlukly ýurduň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn we netijeli häsiýete eýe bolmagynda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklara möhüm orun degişlidir.

Döwlet Baştutanymyz Tatarystan Respublikasynyň Raisini beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçen ýylyň oktýabrynda guralan halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar asyrlaryň dowamynda halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şol gatnaşyklar medeniýetleriň, diniň, diliň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýar.

Rustam Minnihanow Türkmenistanyň türkmen halkynyň milli däplerini, özboluşly medeniýetini saklap galmaga ygrarlydygyna aýratyn ünsi çekip, ýurdumyza ýene bir gezek gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işi mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini aýtdy. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli wekilçilikli forum geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutanyny bu foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.