TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BEÝIK BRITANIÝA IŞ SAPARY BAŞLANDY

2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmagy dostluk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanynyň Beýik Britaniýa ilkinji sapary iki ýurduň hem netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini tassyklaýar.

Şol günüň özünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bukingem köşgünde geçirilen resmi kabul edişlige gatnaşdy.  

Resmi kabul edişligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III-ni Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan täç geýdirmek dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Öz gezeginde, Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekde-de ilerlediljekdigini bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidentine, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa diplomatik gatnaşyklaryny 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýdular.

Iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça umumy garaýyş ýörelgelerine esaslanýar. Döwletler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça umumy bähbitlere esaslanmak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar.