RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Okt

TÜRKMENISTAN PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ AGZASY BOLDY

2017-nji ýylyň 15-nji oktaýbrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 137-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň Dolandyryjy geňeşiniň 201-nji mejlisiniň karary bilen Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna biragyzdan kabul edildi. Parlamentara Bileleşiginde ýurdumyza Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilik eder. Ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän bu Bileleşik, iň köne halkara guramalaryň biri bolmak bilen, ol parlamentara d...

DOWAMY
pic
14 Okt

TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEMINARY OFŞOR ZOLAKLARYNYŇ ÜSTI BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNYLAŞDYRMAGYNA GARŞY GÖREŞMEGIŇ ÇÄRELERINI ŞÖHLELENDIRDI

Türkmenistanyň maliýe, hukuk goraýjy we gözegçilik  edaralarynyň, şeýle hem täjirçilik banklarynyň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri 2017-nji ýylyň 11-13-nji oktýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň gurnan ofşor zolaklarynyň üsti bilen jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrmagyna garşy hereket etmek çygrynda öňdebaryjy tejribelerini alyşmak boýunça seminaryna gatnaşdylar. Bu üç günlük çäräniň çäklerinde dürli zolaklarda resmileşdirilen we aýratyn salgyt düzgüni bolan kompaniýal...

DOWAMY
pic
14 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA RECCA VII ÇYGRYNDA AKADEMIK FORUM GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda Akademik forum geçirildi. Forumyň işine degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň işgärleri, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri hem-de Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň  ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary, Hytaý Halk Respublikasynyň Ženmin Uniwe...

DOWAMY
pic
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi şäherine bardy. Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda çykyş edýär. Duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde 10-nj...

DOWAMY
pic
9 Okt

TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞULULARYNYŇ MASLAHATYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUŇ ÖŇE GIDÝÄN ÖSÜŞINIŇ ESASY MESELELERINE GARALDY

2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy. Umu­my­mil­li mas­la­ha­tda geljekde ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, durmuş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riniň dur­mu­şa ge­çir­ilmegi bi­len bag­la­ny­şyk­ly mese­le­lere garaldy. Maslahatyň wekilleriniň arasynda hormatly ýaşulular, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, m...

DOWAMY
pic
5 Okt

TÜRKMEN WEKILIÝETI BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARLYGYNYŇ MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ 68-NJI MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞDY

2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda, dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň...

DOWAMY
pic
2 Okt

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlendi

Paýtagtymyzdaky ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleriniň esasy meselesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda boldy. Taraplar onuň yzygiderli we durnukly häsiýetini belledi. Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, emele gelen çylşyrymlylyga garamazdan, Russiýa Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar. Soňky wagtda iki tarapyň tagallalary netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Ykdysady topluma degişli türkmen wekiliýetiniň Russiýa sa...

DOWAMY