DURNUKLY ENERGETIKA ÖSÜŞINIŇ MESELELERI – ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini “ Maýa goýumlaryny durnukly energetika geljegine gönükdirmek we daşamagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak” diýen temada dowam etdi.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň ministrler bölümi ýokary derejeli şahslar üçin energetikada durnukly maýa goýumlary ulgamynda çözgütleri kabul etmäge we energetika kärhanalarynyň ýolbaşçylary üçin syýasy meseleler boýunça dialogy amala aşyrmaga, Halkara Energetika Hartiýasynyň bileleşigine  agzalygyň çäklerinde ygtybarly üstaşyr geçirmekligiň we ugurlaryň üpjün edilişini, hem-de energiýa serişdeleriniň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga meýdança bolup hyzmat etdi.  

Mejlisiň dowamynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Babaýew, Wise-premýer ministr, Gruziýanyň Daşary işler ministri M. Janelidze, ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger, Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary U. Rusnak dagylar çykyş etdiler.

Energetika Hartiýasy boýunça Konferensiýanyň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Babaýew Türkmenistanyň Energetika Hartiýasyna Başlyklyk etmeginiň jemleri barada aýdyp, hemme zady öz içine alýan we bölünmez energetika howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistan bilen bilelikde geçirilen çäreler hakynda durup geçdi. Ol Energetika Hartiýasynyň agzalygynyň çäginiň giňeýändigini we häzirki wagtda ýene birnäçe ýurtlaryň ýüzlenmelerine seredilýändigi barada aýtdy. Türkmenistan energetika howpsuzlygy ulgamynda ulag infrastrukturasyny diwersifikasiýalaşdyrmagy esasy wezipeleriň biri hasap edýär. “Bu strategiki ugruň durmuşa geçirilmegi energetika hyzmatdaşlygynyň ösüşinde diňe bir energiýa göterijilerini öndüriji ýurtlaryň däl, eýsem olaryň üstaşyr geçirijileri we sarp edijileri, şeýle hem gyzyklanýan taraplaryň, hem-de halkara guramalarynyň, aýratynda, BMG we Energetika Hartiýasynyň arasyndaky toplumlaýyn ösüşi göz öňünde tutýar”- diýip, M. Babaýew belledi.

Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak köp ýurtlarda energetika syýasatynda özgertmeler geçirilýär, diýip belledi. Ol energetikanyň ösüşine maýa goýumlaryny çekmek üçin uly mümkinçilige eýe bolan Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygyny kämilleşdirmek gerek diýip hasaplaýar.

Mejlisde çykyş eden ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger Türkmenistanyň Energetika Hartiýasyna Başlyklyk etmegine ýokary baha berdi we bu ýurduň Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy saklamakda ähmiýetli orun eýeleýändigini aýtdy.

ÝHHG-niň indi birnäçe ýyllardan bäri energetika howpsuzlygy meseleleri bilen gyzyklanýandygy barada aýdyp, Greminger, energetika howpsuzlygy meselelerinde geoykdysady bäsdeşligiň syýasy hyzmatdaşlygy talap edýändigini aýtdy.

Maslahatda çykyş eden Wise-premýer, Gruziýanyň Daşary işler ministri Miheil Janelidze Günorta gaz geçelgesine goşulmagy Türkmenistana öz gazyny Türkiýä we Ýewropa daşamaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.  M. Janelidze Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň arasynda gurulýan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünde hem durup geçdi.

Türkmenistanyň Hökümetine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüne Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini geçirmekde beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirip we Türkmenistanyň Başlyklygynyň dowamynda Halkara Energetika Hartiýasynyň ornuny berkitmekde tagallalaryna ýokary baha berip, Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşyjylar 2019-njy ýyldaky indiki gözden geçirilişe çenli gyssagly bolan strategiki resminama hökmünde Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Jarnamasyny kabul etdiler.

Soňra Türkmenistanyň, Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň  wekilleriniň we Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty gurnaldy.