img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ 2026 — 2030-NJY ÝYLLAR ÜÇIN EMELI AŇ ULGAMYNDAKY MILLI STRATEGIÝASY TANYŞDYRYLDY

img
img
img
img
img
img

24-25-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmentel — 2026» halkara sergisiniň we maslahatynyň meýdançasynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikdäki Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Sanly forumynyň mowzuklaýyn mejlisleri geçirildi.

Maksatnamanyň esasy wakasy BMGÖM-niň ýardam bermeginde degişli ministrlik bilen bilelikde taýýarlanan Türkmenistanyň 2026–2030-njy ýyllar üçin emeli aň ulgamyndaky Milli strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy. Resminama dolandyryş ulgamlaryny kämilleşdirmekden we sanly infrastrukturany döwrebaplaşdyrmakdan başlap, hünärmenleri taýýarlamaga hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga çenli emeli aň (EA) tehnologiýalaryny ösdürmek we jogapkärçilikli ulanmak boýunça ugurlary kesgitleýär.

BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan täze resminamanyň ýurduň uzak möhletleýin sanly ugry üçin möhüm ähmiýetini nygtady:

«Emeli aň ýurduň ösüşi we döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. BMGÖM Türkmenistanyň sanly ösüşine uzak möhletleýin garaýşy kemala getirmekde möhüm ädim bolan Emeli aň ulgamyndaky Milli strategiýany işläp taýýarlamakda milli hyzmatdaşlar bilen tagallalary birleşdirmäge mümkinçilik tapandygyna buýsanýar. Bu strategiýa sanly özgertmeleriň adamlara we ýurda hakyky netijeleri getirmegi üçin täze tehnologiýalary jogapkärçilikli ornaşdyrmaga, milli institutlary berkitmäge hem-de adam kuwwatyny ösdürmäge esas döredýär».