img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI SEBITARA HOWPSUZLYK WE ÖZARA BAGLANYŞYK MESELELERI BOÝUNÇA IKINJI MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler boýunça Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Sebitara howpsuzlyk we özara baglanyşyk meseleleri boýunça ikinji ministrler duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň, Gündogar hyzmatdaşlygy ýurtlarynyň, Gara deňiz sebitiniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag, energetika we sanly infrastrukturalary ösdürmek, şeýle hem sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek meselelerine esasy üns berildi.

Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň wekili häzirki zaman geosyýasy we ykdysady şertlerinde ygtybarly ulag ugurlarynyň barha artýan ähmiýetini nygtady. Halkara özara baglanyşygy ösdürmegiň diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin däl, eýsem, sebit durnuklylygyny we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin hem möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň sebitara hyzmatdaşlykda möhüm halka hökmünde eýeleýän ornuna, şeýle hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we sebit döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň milli ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerini giňeltmek we halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän çäreleri barada maglumat berildi.

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen tarapy «Global Gateway» başlangyjyna we Hazarüsti ulag geçelgesini utgaşdyrmak boýunça Platformanyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn baha berdi. Şeýle hem Merkezi Aziýany, Günorta Kawkazy we Gara deňiz sebitini öz içine alýan bitewi ulag özara baglanyşyk giňişligini kemala getirmegiň geljegi bellenildi.

Geljekde bilelikdäki işleriň amaly ugurlary hökmünde ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek, üstaşyr geçiriş amallaryny ýeňilleşdirmek, sanly ulag resminamalaryny ornaşdyrmak, şeýle hem halkara ulag ugurlarynyň işinde bökdençlikler ýüze çykan ýagdaýynda hereketleri utgaşdyrmak mehanizmini döretmek meseleleri görkezildi.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Daşary gatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Auýdrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy dialogy yzygiderli pugtalandyrmagyň we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň institusional esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.