img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANDA HASYL TOÝY BELLENILÝÄR

img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde türkmen topragynyň sahawatyny, rysgal-berekedini alamatlandyrýan, daýhanlara we ähli oba zähmetkeşlerine goýulýan belent sarpany dabaralandyrýan Hasyl toýy bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda hem bellenilişi ýaly, şu ýylda ýurduň gallaçylary 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýetişdirip, bu ugurdaky bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Döwlet Baştutanynyň Karary esasynda Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek boýunça tagallalar edilýär. Häzirki wagtda ýurtda bugdaý ekilen atyzlarda gögeriş suwy tutulýar. Kadaly gögeriş alnan ýerlerde degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlaryna ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap, ilata ýetirmek boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar. 9-njy sentýabrda ýurduň ähli sebitlerinde möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna girişildi. Şu ýyl pileçi kärendeçileriň öndürijilikli zähmeti netijesinde, ýurtda 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň sebitlerinde iş saparlarynda bolup, daýhanlar bilen duşuşyp, olaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanýar. Munuň özi babadaýhanlaryň zähmetine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle duşuşyklarda daýhanlaryň teklipleri, tohum, suw, dökün we döwrebap tehnikalar bilen üpjünçiligiň ýagdaýy öwrenilýär. Şeýle aladalar topraga ykbalyny baglan daýhanlaryň abadan durmuşyny we ýurduň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň kepilidir.