img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

AŞGABATDA GURLUŞYK WE SENAGAT PUDAKLARYNYŇ ÖSÜŞINE BAGYŞLANAN HALKARA SERGI AÇYLDY

photo

Aşgabat şäherinde 3-nji noýabrda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi” atly CIET 2026 halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Üç gün dowam etjek çärä gatnaşmak üçin dünýäniň 60 ýurdundan 800-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyrylan sergide dürli enjamlar, tehnologiýalar, gurluşyk materiallary we degişli hyzmatlar görkezilýär. Çäräniň iş maksatnamasy gurluşyk, senagat, energetika we himiýa pudaklarynyň maýa goýum mümkinçiliklerini hem-de ösüş ugurlaryny öz içine alýar.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, hususy pudagyň infrastruktura we senagat taslamalaryna gatnaşygyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle-de önümçilik kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, çig maly gaýtadan işlemegiň derejesini ýokarlandyrmak, ulag infrastrukturasyny ösdürmek we gurluşyk pudagyny sanlylaşdyrmak ýaly ugurlara garalar.

CIET 2026 halkara sergisiniň we maslahatynyň esasy guramaçylary bolup Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Energetika ministrligi, Awtomobil ýollary ministrligi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. “Turkmen Energy Forum” bolsa çäräniň bilelikdäki guramaçysydyr. Maksatnama laýyklykda, türkmen kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşyklaryny geçirmek we resmi resminamalara gol çekmek dabarasy meýilleşdirilýär.

“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergi we maslahat 5-nji noýabra çenli dowam eder.