img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Serdar Berdimuhamedow TDG-nyň XIII sammitiniň çäginde Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşdy

img
img
img
img

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Ankarada TDG-nyň XIII sammitiniň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türkmenistanly kärdeşi Serdar Berdimuhamedowy Prezident köşgüniň girelgesinde mähirli garşylady. Soňra iki ýurduň Döwlet Baştutanlary bilelikde surata düşmek dabarasyna gatnaşdylar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň 13-nji sammiti 30-njy oktýabrda Ankarada”Türki asyr: dilde, pikirde we işde birlik” şygary astynda geçiriler. Onuň gün tertibine laýyklykda gurama agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, guramanyň işini kämilleşdirmek we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak bilen bagly meselelere garalar.

Sammitiň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň Ankara Jarnamasyny, şeýle hem türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we TDG-niň guramaçylyk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe resminamalary kabul etmegine garaşylýar.