BEÝIK BRITANIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Beýik Britaniýanyň “University College of London” ýokary okuw mekdebiniň Arheologiýa Institutynda Merkezi Aziýa siwilizasiýalaryny we Ýüpek ýolyny öwrenijiler assosiasiaýasy hem-de agzalan ýokary okuw mekdebiniň Arheologiýa fakulteti bilen bilelikde geçirilen “Merkezi Aziýa güni” atly çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we resmi kabul edişlik geçirildi.

Çärä Beýik Britaniýada ýaşaýan türkmen watandaşlary, Beýik Britaniýanyň “University College of London”, “Brunel University of London”, “University of Oxford”, “Kings College”, “SOAS University of London”, “University of Wrocław” (Polşa), “Shaanxi Normal University” (Hytaý) ýaly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Dabaraly çärede Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçisi çykyş edip, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň giň okyjylar toparyna niýetlenilendigini, onuň Merkezi Aziýa sebiti bilen gyzyklanýanlar üçin goldanma boljakdygyny we taryhy möhüm ugurlarynyň dikeldilmegi hem-de häzirki ösüş döwründe Türkmenistanyň eýeleýän orny barada beýan edilýändigini belledi.

 “University College of London” ýokary okuw mekdebiniň Arheologiýa Institutynyň “Gadymy Merw” taslamasynyň ýolbaşçysy doktor Tim Uillýams kitabyň uniwersitetiň ähli talyplary üçin elýeterli bolmagy üçin ýokary okuw mekdebiniň esasy kitaphanasynda ýerleşdiriljekdigini aýtdy we bu eseri peşgeş berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine öz minnetdarlygyny bildirdi. Doktor T.Uillýams bu okuw jaýynyň Arheologiýa Instituty Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda ýadygärlikleri gorap saklamak we öwrenmek ugry boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýändigini gürrüň berdi.

T.Uilýams sözüni dowam edip, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamak we olary öwrenmeklige aýratyn ünsiň berilýändigini belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň kämilleşmegine döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine “University College of London” ýokary okuw mekdebiniň adyndan minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Şeýle hem çärede “University College of London” we “University of Oxford” ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary çykyş etdiler.

Tanyşdyryş çäresinden soň, resmi kabul edişlikde gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.