img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

KIÝEW ŞÄHERINDE BEÝIK TÜRKMEN ŞAHYRYNYŇ DÖREDIJILIGINIŇ MUŞDAKLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNLERI GEÇIRILDI

img
img
img
img

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde, hem-de Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 11-20-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanasy bilen bilelikde “Magtymguly Pyragynyň şygryýet günlerini” geçirdi.

Çäreler onlaýn we oflaýn görnüşlerde geçirilip, olara medeniýet we bilim ulgamynyň wekilleri, Magtymgulynyň döredijiligini öwrenijiler, diplomatlar, alymlar, ýazyjylar, türkmen talyplary, mugallymlar, şeýle hem Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň umumybilim berýän orta we sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.

“Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň” çäklerinde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligini öwreniji alymlaryň hem-de Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekiliniň çykyşlary diňlenildi. Olar Magtymgulynyň baý edebi mirasy, eserleriniň çuňňur pelsepewi mazmuny we şahyryň türkmen halkynyň ruhy durmuşyndaky aýratyn orny barada diňleýjilere gürrüň berdiler. Çykyşlarda Magtymgulynyň döredijiliginiň türkmeniň geçmişini, şu gününi we geljegini baglanyşdyrýan janly arabaglanyşygyň bolup durýandygy, dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigi, şahyryň bolsa türkmen halkynyň ruhy halypasy, dana mugallymy we milli özboluşlylygynyň beýany hökmünde ykrar edilýändigi bellenildi.

Çäreleriň dowamynda Magtymgulynyň goşgulary türkmen, ukrain, fransuz we iňlis dillerinde ýazyjylar, filologlar, mugallymlar, okuwçylar hem-de talyplar tarapyndan okaldy. Sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmegi çärelere aýratyn ähmiýet berdi. Mugallymlarynyň döreden bu awtorlyk eserleri beýik şahyryň mirasyna häzirki zaman döredijilikli çemeleşmäniň ajaýyp nusgasy bolup, onuň şygryýetiniň täze nesiliň sungat işgärlerini hem ruhlandyrýandygyny görkezdi.

“Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň” dowamynda myhmanlar üçin Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanada hereket edýän adybir muzeý otagyna gezelençler guraldy. Olar şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sergiler, onuň eserleriniň dürli dillerdäki neşirleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli saz gurallary we türkmen medeniýetiniň baýlygyny hem özboluşlylygyny açyp görkezýän beýleki gymmatlyklar bilen tanyşdylar.

“Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň” jemleýji çäresi hökmünde Kiýew şäherindäki Magtymguly ýadygärliginiň ýanynda türkmen ýaşlary tarapyndan şahyryň “Soňudagy” goşgusy türkmen we ukrain dillerinde okaldy. Watana, onuň gözelligine we abadançylygyna bagyşlanan bu eser medeni çäräniň many-mazmunly jemlenmesi boldy.

Ukrainada beýik türkmen şahyrynyň pelsepewi we ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmäge gönükdirilen “Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri” möhüm medeni ylym-bilim çäresine öwrüldi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen Magtymguly adyndaky kitaphananyň guramaklarynda geçirilen bilelikdäki bu çäreler nesilleri birleşdirýän, halklaryň ruhy taýdan özara baýlaşmagyna ýardam edýän we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýän medeni mirasy gorap saklamagyň hem-de wagyz etmegiň möhümdigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.