img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTAN WE CASCA+ ÝURTLARY ÝÜK DAŞAMALARYNY ARTDYRMAK YLALAŞYGYNA GOL ÇEKDILER

img
img
img
img

Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler.

Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 8–9-njy iýunda geçirilen maslahatyň jemi boýunça resminama gol çekildi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar CASCA+ ulag geçelgesiniň häzirki iş görkezijilerine garap, 2025-nji ýylyň hem-de 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijelerini jemlediler. Şeýle hem bu ugry mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ýük gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, üstaşyr geçiş möhletlerini gysgaltmak, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we geçelge boýunça ýük gatnawlary üçin nyrh syýasatyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

CASCA+ Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň döwlet demir ýol edaralarynyň bilelikdäki başlangyjydyr. Bu ugur Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz we Anadoly sebitlerini birleşdirip, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag köprüsini emele getirýär.

Taslamanyň uzak möhletleýin maksady Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, ilkinji nobatda hem Hytaý bilen Ýewropa ýurtlaryny birleşdirýän netijeli multimodal söwda-üstaşyr ugruny ösdürmekden ybaratdyr.