img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNLERI: MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNÜNI BELLEMEK BOÝUNÇA MEDENI WE BILIM ÇÄRELERINIŇ TAPGYRY

photo

Her ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de XVIII asyryň nusgawy türkmen şahyry we akyldary, döredijiligi türkmen halkynyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi we dünýä medeni mirasynyň möhüm bölegi bolan Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär.

Bu möhüm senäni dabaraly bellemekligiň çäklerinde, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 11-19-njy iýuny aralygynda onlaýn we oflaýn görnüşde Magtymguly Pyragynyň şygryýet günlerine bagyşlanan çäreleri geçirýär.

Geçiriljek çäreleriň meýilnamasynda türkmen diasporasynyň wekilleriniň we diplomatlaryň, ukrain medeniýet we sungat işgärleriniň, kitaphanaçylaryň, ýazyjylaryň, mugallymlaryň, talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Magtymgulynyň şygyrlarynyň dürli dillerde çeper okaýyşlary guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şahyryň döredijiligini öwrenýänler bilen göni ýaýlymlar, diplomatlaryň mowzuklaýyn çykyşlary, kitaphananyň “YouTube” we “Facebook” jemgyýetçilik platformalarynda Magtymgulynyň goşgularyna düzülen aýdymlar we sazlar ýerleşdiriler we kitaphananyň çäginde ýerleşýän adybir muzeý otagyna gezelençler guralar.

Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri beýik türkmen şahyrynyň baý döredijilik mirasyny giň halkara okyjylarynyň arasynda wagyz etmäge gönükdirilen medeni gatnaşyklaryň täze görnüşidir. Bu çäreler medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek, hem-de Türkmenistanyň we Ukrainanyň halklarynyň medeniýetlerini baýlaşdyrmak üçin niýetlenendir.

Hemmeleri çärelere goşulmaga we Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasynyň paýhasyny we gözelligini açmaga çagyrýarys.

Göni ýaýlym boýunça bildirişleri Magtymguly adyndaky kitaphananyň jemgyýetçilik media sahypalarynda görmek bolar.