img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANDA NIDERLANDLARDA GEÇIRILJEK ATÇYLYK SPORTY BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA IŞJEŇ TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

img
img
img
img

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Peelbergen» atçylyk sport toplumynda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda Aşgabat atçylyk sport toplumynda bedewleriň we çapyksuwarlaryň Ýewropa saparynyň öňüsyrasyndaky türgenleşikleriniň jemleýji tapgyry geçirilýär.

Çempionaty Türkmenistanyň «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Ahalteke bedewleriniň Ýewropa assosiasiýasy bilelikde guraýar.

Neşiriň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň binýadynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde meýletinçiler üçin amaly okuwlar guraldy. Okuw maksatnamasyna diplomatik protokol, weterinariýa, Halkara atçylyk sport federasiýasynyň düzgünleri, çuňlaşdyrylan daşary ýurt dilleriniň okuwlary, şeýle hem logistika we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işlemek boýunça sapaklar girizildi.

«Peelbergen» toplumynda geçiriljek çäreleriň çäklerinde ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara ylmy maslahat we iri sergi-ýarmarka hem meýilleşdirilýär. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň pawilýonynda ýurdumyzda tohumçylyk-seçgi işinde gazanylan üstünlikler we ahalteke bedewleriniň genofonduny gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler tanyşdyrylar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň pawilýonynda bolsa ýurduň taryhy-medeni mirasy hem-de häzirki zaman milli sungaty görkeziler. Mundan başga-da, milli şaý-sepler, amaly-haşam sungatynyň eserleri, däp bolan at esbaplary we milli bezegleriň nusgalary üçin ýörite meýdança hem guralar.

Çärä gatnaşyjylar üçin ýörite meýdança hem enjamlaşdyrylar, şol ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çykyş eder. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň başlygy A. Berdiýewiň bellemegine görä, tomaşaçylar jigitleriň çylşyrymly tilsimlerini, at üstündäki akrobatik çykyşlaryny hem-de nusgawy bedew türgenleşiginiň ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilýän maşklaryny synlap bilerler.

Dünýä çempionatynyň geçirilmegi Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna gabatlanyp guralýar.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty hem-de bedewleri bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna girizildi.