TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASY TÜRKMEN HALYSYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI HALY DOKAMAK WE KEŞDEÇILIK SUNGATYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASYNY GEÇIRDI
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy “Haly dokamak we keşdeçilik sungaty – türkmen zenanlarynyň zähmetsöýerliginiň we ussatlygynyň nyşany” ady bilen baýramçylyk medeni çäresini geçirdi. Bu çäre Türkmenistanyň iň möhüm hünär baýramçylyklarynyň biri bolan, ruhy mirasynyň baýlygyny, nesilleriň dowamlylygyny we türkmen halyçy zenanlarynyň el hünäriniň özboluşlylygyny özünde jemleýän türkmen halysynyň gününe bagyşlandy.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary diýlip yglan edilen ýylynda we ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde guralan çäre Ukrainadaky Daşary ýurt diplomatik korpusynyň zenanlar klubynyň wekillerini, ukrain jemgyýetçiligini, saz we umumy bilim berýän mekdepleriň, kitaphanalaryň wekillerini, medeniýet we sungat işgärlerini, şeýle hem türkmen halkynyň taryhyna we milli däp-dessurlaryna hakyky gyzyklanma bildirýän myhmanlary bir ýere jemledi.
Maý aýynda bellenilýän şanly seneler, möhüm medeni we jemgyýetçilik çäreleri bu dabara aýratyn ähmiýet goşdy. Çünki şü günlerde Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň düýbiniň tutulmagynyň 145 ýyllygyna, Gurban baýramyna we Türkmen halysynyň gününe bagyşlanan çäreler geçirilýär. Onuň öňüsyrasynda Ukrainada milli ýadygärlige we medeni mirasa hormat goýmagyň nyşany bolan “Wyşiwanka” güni bellenildi.
Türkmenistanyň Ilçihanasynda geçirilen haly dokamak we keşdeçilik sungatyna bagyşlanan medeni çäre, türkmen halkynyň milli mirasyna hormat goýulýandygyny, şeýle hem Türkmenistanyň we Ukrainanyň medeni däpleriniň arasyndaky ruhy ýakynlygy görkezdi.
Gatnaşyjylara mowzuklaýyn medeni maksatnama we türkmen haly dokamak sungatynyň taryhy, däpleri, olaryň çuňňur simwoliki manysy we türkmen halkynyň medeni mirasyndaky aýratyn orny barada giňişleýin maglumat berýän prezentasiýa görkezildi. Şeýle hem, çäre uly ekranda surat we wideo görkezilişi bilen utgaşdyryldy.
Türkmen halysynyň asyrlaryň dowamynda diňe bir özboluşly bezeg we amaly haşam sungat eseri bolman, eýsem milliligiň we ruhyýetiň möhüm nyşany bolandygy nygtaldy. Gadymy däp-dessurlara, halkyň pelsepesine we el işlerine hormaty alamatlandyrýan haly dokamak sungaty, eneden gyza miras geçýär. El bilen dokalýan bütin dünýäde ykrar edilen türkmen halylary, maşgala durmuşynyň we milli däp-dessurlaryň möhüm bölegi hökmünde nesilden-nesle geçirilýär.
Çykyşlarda türkmen halylarynyň özboluşly önümçilik tehnikalaryna, tebigy ýüňüň we boýaglaryň ulanylmagyna, şeýle hem adamyň ýaşaýyş şertlerini, onuň dogduk topragy we öz halkynyň taryhy bilen baglanyşygyny görkezýän däp bolan nagyşlaryň şöhlelenmesine aýratyn üns berildi.
Aýratyn sabyrlylygy, takyklygy we köpýyllyk ussatlygy talap edýän saryja goýnuň ýüňüni gaýtadan işlemekden we tebigy ösümlik boýaglaryny ulanmakdan başlap, el bilen dokamaga çenli türkmen halylaryny öndürmekde ulanylýan özboluşly usullar barada hem gatnaşyjylara ýetirildi.
Şeýle hem, 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi, bu bolsa türkmen halkynyň milli sungatynyň özboluşlylygynyň we çeperçilik gymmatynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini alamatlandyrýandygy nygtaldy.
Gatnaşyjylara türkmen halylary, olaryň görnüşleri, gölleriň aýratynlyklary we aýry-aýry nyşanlaryň manysy barada gyzykly taryhy maglumatlar hem gürrüň berildi. Şeýle hem, olara Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen dünýäde iň uly el bilen dokalan özboluşly haly eksponatlaryny öz içine jemleýän Aşgabatdaky meşhur türkmen haly muzeýi barada maglumat ýetirildi.
Döwlet Ýolbaşçylarynyň öňdengörijilikli syýasatynyň netijesinde ýurduň haly we dokma senagatyny ösdürmek, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Haly önümleriniň görnüşleri, önümçilik infrastrukturasy we ýöriteleşdirilen kärhanalar üçin maddy-tehniki serişdeler yzygiderli giňeldilýär, şeýle hem milli haly sungatyny gorap saklamak we mundan beýläk-de ösdürmek üçin döwrebap şertler döredilýändigi nygtaldy.
Prezentasiýa çykyşda 2022-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halkynyň keşdeçilik sungatyna hem aýratyn mowzuk hökmünde uly üns berildi. Bu sungat däp bolan medeniýetiň möhüm bölegini emele getirýär, türkmen zenanlarynyň içki dünýäsini, çeperçiligini, zähmetsöýerligini we milli gymmatlyklara hormat goýmagyň nyşanyny görkezýär.
Asyrlar boýy diňe bir egin-eşik hökmünde däl, eýsem gündelik ahlagyň, derejäniň, milliligiň, maşgalanyň we ruhy gymmatlyklaryň şöhlelenmesi hökmünde hyzmat eden türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň, şaý-sepleriniň we baş geýimleriniň simwolizmine üns berildi.
Çäräniň çäklerinde myhmanlara türkmen el keşde we senetçilik eserleriniň tematiki sergisi görkezildi. Sergide milli elde dokalan halylaryň, milli keşdeleriň, öý hojalyk harytlaryň, egin-eşikleriň we baş geýimleriniň, şaý-sepleriň, ussat senetçi zenanlaryň el işleriniň we türkmen dokma sungatynyň dürli görnüşleriniň nusgalary görkezildi.
Türkmeniň haly dokamak sungatynyň asyrlardan bäri dowam edýän däpleri, milli keşdeçilik sungaty, milli egin-eşikler we şaý-sepler baradaky surat sergisi gatnaşyjylara türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny, onuň estetikasyny, simwolizmini we asyrlardan bäri dowam edýän däp-dessurlaryny has ýakyndan düşünmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem, türkmen, ukrain we iňlis dillerinde Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy we milli mirasy baradaky kitaplar çärä gatnaşyjylaryň aýratyn üns merkezinde boldy.
Aýdym-saz çykyşlary çäräniň maksatnamanyň şowhunly dowamy bolup, iki halkyň medeni ýakynlygyny, dostluk atmosferasyny we birek-biregiň däp-dessurlaryna hormat goýýandygyny görkezdi. Dutar we gyjak saz gurallarynda milli türkmen saz eserleri, şeýle hem ukrain dilindäki “Wodograý” wokal kompozisiýasy ýerine ýetirildi. Myhmanlar Adriana Kapuranyň bandura saz guralynda ýerine ýetiren ukrain halk aýdymy bolan “Dwa Kolori” we türkmen aýdymy “Toý aýdymy” çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çäre däp bolşy ýaly türkmen myhmansöýerliginiň nyşany bolan milli türkmen aşhanasynyň dürli datly tagamlary bilen tamamlandy.
Bu çäre milli mirasy gorap saklamagyň, medeniýete, halk sungatyna we taryhy ýadygärlige hormat goýmagyň halk üçin iň möhüm gymmatlyklar bolmagynda galýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmen halysynyň gününe bagyşlanan medeni çäre dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekde ynsanperwer hyzmatdaşlygyň we medeni gepleşikleriň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady.