TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY - PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu eser Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilen ýylynyň jemleýji resminamasy hökmünde dabaralandyryldy.
Çäre Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny, onuň halkara başlangyçlaryny, ýurduň halkara dialogyny, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyny, köptaraplaýyn diplomatiýanyň, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ösdürilmegini giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça Ilçihananyň alyp barýan işleriniň çäklerinde geçirildi.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti S.Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylmagynyň ýurduň hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlaryny beýan edýän möhüm waka bolup durýandygyny belledi. Ilçi çykyşynda Hormatly Prezidentimiz S.Berdimuhamedowyň bu kitabynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esaslaryny, hemişelik bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini we häzirki döwrüň ählumumy kynçylykly şertlerinde üstünlikli durmuşa geçirilmegini çuňňur syýasy-pelsepewi nukdaýnazardan açyp görkezýän gymmatly eserdigini nygtady.
Çykyşda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendigine aýratyn üns berildi. Bitaraplygyň diňe bir daşary syýasat derejesi bolman, eýsem döwlet durnuklylygynyň, ykdysady ösüşiň we döwletliligiň pugtalandyrylmagynyň möhüm binýadydygy bellenildi. Kitapda bitaraplygyň parahatçylygy, howpsuzlygy, döwletara dialogy we özara ynamy ilerletmegiň täsirli guraly hökmünde tutýan orny giňden beýan edilýändigi bellenildi.
Şeýle-de kitapda öňe sürülen pikirleriň Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine doly laýyk gelýändigi, Türkmenistanyň halkara meselelerini parahatçylykly ýol bilen çözmäge, dialogy we araçyllyk tagallalaryny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynda öz beýanyny tapýandygy nygtaldy.
2025-nji ýylyň şanly seneleri bilen baglylykda Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen iri halkara forumlaryň netijeleri hem aýratyn bellenildi. Bu çäreleriň dünýä jemgyýetçiliginde giň we oňyn seslenme döredendigi mälim edildi.
Ilçi T.Ataýew çykyşynda ýaşlaryň döwletiň ösüşindäki hereketlendiriji güýç hökmünde tutýan ornuna, milli däpleriň goragçysy we halkara dialogyň işjeň gatnaşyjysy hökmünde ähmiýetine ünsi çekdi. Bu nukdaýnazardan seredilende, täze kitap ýaşlar üçin diplomatiýanyň, dialogyň ähmiýetine we geljek üçin jogapkärçilige çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýän gymmatly bilim çeşmesi bolup hyzmat edýändigi aýdyldy.
Çäräniň dowamynda Ilçihananyň diplomatlary hem çykyş edip, kitapda beýan edilen esasy düşünjeleri, onuň Türkmenistanyň häzirki ösüş ýolunyň ähmiýetini, şeýle-de ýaşlaryň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan strategik wezipeleri durmuşa geçirmekdäki roluny giňden beýan etdiler.
Türkmen ýaşlary we diaspora wekilleri kitabyň mazmunyna uly gyzyklanma bildirdiler we häzirki dünýä şertlerinde bitaraplygyň orny baradaky garaýyşlaryny paýlaşdylar. Çykyşlarda ýaşlaryň parahatçylyk, jogapkärçilik we döredijilik pikirleriniň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýandygy aýratyn bellenildi.
Şeýle hem çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň dürli ugurlardaky gazananlary, ýurduň yzygiderli ösüşi, bitaraplyk we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygy, innowasiýalara ymtylyşy, medeni mirasyň goralmagy we ösdürilmegi barada wideoşekil görkezildi.
Çäräniň dowamynda dutarda milli sazlaryň ýerine ýetirilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, Bitaraplygyna we gazanan üstünliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.
Sergide ýurdumyzyň gözel şäherleriniň binagärlik keşbi, döwletlilik nyşanlary, milli özygtyýarlygy we häzirki zaman üstünlikleri aýdyň görkezildi.
Çäräniň ahyrynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň diňe halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenler üçin däl-de, eýsem giň okyjylar köpçüligi üçin hem uly ähmiýete eýedigi, onuň Türkmenistanyň syýasatyna dogry we kämil düşünjäni kemala getirmäge, ýurduň halkara parahatçylygyny we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşýan goşandyny açyp görkezmäge hyzmat edýändigi bellenildi.