Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň iň ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň iň ýokary döwlet baýragy – “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Daražali Dustlik”) ordeni bilen sylaglanyldy. Sylag dabarasy duşenbe güni Daşkent şäherinde geçirildi.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu çözgüdiň Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren hyzmatlaryna özbek halkynyň ýürekden bildiren hormatynyň we ykrar etmesiniň beýanydygyny belledi.
— Siz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri kakaňyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýoluny mynasyp dowam edýärsiňiz, diýip Mirziýoýew aýtdy.
Özbegistan Prezidentiniň aýratyn nygtamagyna görä, Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen-özbek gatnaşyklary, hususan-da söwda-ykdysady ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Şu ugurda gazanylan üstünlikleriň hatarynda “Şawat–Daşoguz” serhetýaka söwda zolagynyň işe girizilmegi hem-de energetika, ulag we logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi görkezmek bolar.
Türkmenasynyň Prezidenti sylag üçin Özbegistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna minnetdarlyk bildirdi hem-de ýurtlaryň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine taýýardygyny tassyklady.