«TÜRKMENISTAN — BMG» STRATEGIK MASLAHAT BERIŞ GEŇEŞINIŇ DÖRDÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň gün tertibine Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisindäki ileri tutulýan garaýyşlarynda beýan edilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleýji resminamalarynyň ýerine ýetirilişine degişli pikir alyşmak, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.
Daşary işler ministri öz çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini nygtap, BMG-niň edaralaryň ýurduň milli ileri tutulýan ugurlaryny amala aşyrmakda we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde goşýan uly goşandyny belläp geçdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.