«ARKADAG» FUTBOL TOPARYNY SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

«Arkadag» futbol toparyny sylaglamak dabarasy boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Arkadag şäherinde geçirilen dabaraly çäreler bu toparyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy mynasybetli guraldy.

Dabaraly çäreler Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar bilen başlandy.

Futbolçylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde parladyp, mynasyp bolan kubogyny we «Arkadag» futbol toparynyň tapawutlanandygyny alamatlandyrýan baýraklaryny göterip, bu ýere geldiler. Soňra olar iki gatly awtobusda Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionyna bardylar. Ýol ugrunda futbolçylary Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary, futbol janköýerleri şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

Bu ýerde geçirilen çärede çykyş eden «Arkadag» futbol toparynyň ýolbaşçysy A.Amanow toparyň halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirmek üçin türkmen halkynyň Milli Liderine ýüz tutup bermegini Arkadag şäheriniň häkiminden haýyş etdi.

Dabaranyň barşynda «Arkadag» futbol toparynyň ýolbaşçysy A.Amanow täze şäheriň futbolçylarynyň abraýly halkara ýaryşda çempion bolmagy mynasybetli alan kubogyny Arkadag şäheriniň häkimligine gowşurdy.

“Arkadag” futbol topary, AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky çykyşyny ýeňiş bilen tamamlady we finalda Kambojanyň “Preah Khan Reach Svay Rieng” futbol toparyndan goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Mekan Saparowyň we Altymyrat Annadurdyýewiň gollary türkmen toparyna abraýly kubogy getirdi.