TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ PUDAGY MILLI YKDYSADYÝETIŇ ESASY ŞAHASYDYR

photo

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan energiýa strategiýasy halk hojalygynyň öňdebaryjy pudaklaryndan biri bolan nebitgaz toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. 

Bu ugurda amala aşyrylýan özgerişlikleriň üstünligine 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça görkezijiler-de şaýatlyk edýär. Senagat pudagynda, durnukly ösüş bellendi, şol sanda tebigy gazyň alnyşy 77 milliard 623,1 million kub metr, nebitiňki bolsa 8 million 279,7 müň tonna barabar boldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, önümçilik nebit bitumynda 10,2%, benzinde 4,8%, mazutda 8,2%, dizel ýangyjynda 0,6% artdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça giňişleýin mejlisine gatnaşýanlara ýüzlenmesinde belleýşi ýaly, döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde nebit we gaz pudagy yzygiderli ösýär. Döwlet ýolbaşçysy nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegi tizleşdirmek, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, ylaýta-da onuň «Arkadagyň ak ýoly» adyny alan esasy, ýagny «Serhetabat – Hyrat» böleginiň gurluşygynyň depginini artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Baý we geljegi uly nebit ýataklaryny özleşdirmegiň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň, uglewodorod gorlarynyň ýataklaryny gözläp tapmagyň, seýrek duşýan minerallaryň, ýerasty suwlaryň geologiýa gözlegleri boýunça alnyp barylýan işleriň depginini artdyrmagyň, pudagyň hünärmenleriniň derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigi bellendi.