TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA “HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNA” BAGYŞLANYP GEÇIRILEN ÇÄRE BARADA

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

21.01.2025 ý. senede Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” başlanmagyna we Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Çärä Kiýew şäherindäki kitaphanalaryň direktorlary we işgärleri, uniwersitetleriň mugallymlary, žurnalistler, kitap neşir edijiler, talyplar we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýew möhüm wakanyň hormatyna çärä gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ýörite karary esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilendigi we şeýle at bilen biziň ýurdumyzda çäreleriň badalga berlendigi aýdyldy.

Ilçi çärä gatnaşyjylara ýurdumyzyň halkara derejesindäki üstünlikleri we durmuş-ykdysady derejesinde gazanylan üstünlikler, şol sanda: ýangyç we energetika pudagynda, oba hojalygy, nebit we gaz, ulag we aragatnaşyk, söwda we işewürlik, saglygy goraýyş, medeniýet, ylym we bilim pudaklarynda hem-de şäherleriň ösüşi boýunça giňişleýin maglumatlary ýetirdi. Jenap T.Ataýew, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde halkara derejesinde köp işleriň edilendigini habar berdi.

Diňe soňky ýyllarda Türkmenistan BMG-nyň ýöriteleşdirilen edaralaryna, 2024–2028-nji ýyllar aralygynda BMG-nyň Ilat we ösüş komissiýasyna, 2025–2029-njy ýyllar aralygynda Durmuş ösüşi komissiýasynyň agzalygyna saýlanandygy habar berildi. Şeýle-de, biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynda “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda ylalaşygy”, “Birleşen Milletler Guramasynyň dostluk oýunlary” kararnamalary kabul edendigi hem-de her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan edilendigi we 2025-nji ýylda bellenilýän “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ykrar edilendigi aýdyldy. BMG-a agza ýurtlaryň köpüsi tarapyndan Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldamagyň biziň üçin uly hormatdygy we dünýäde parahatçylygy saklamak we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin işleri dowam etdirmegiň ileri tutulýan wezipelerdigi diňleýjilere aýdyldy.

Türkmenistanyň Ilçisi bu ýere ýygnananlara Türkmenistanyň bitarap hukuk ýagdaýynyň kabul edilmeginiň taryhy, bitaraplygyň düýp manysy, onuň ýurduň içinde we halkara pudagyndaky ösüşe oňyn täsiri, Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň, ileri tutulýan ugurlary ösdürmek we häzirki zaman global meseleleri kadalaşdyrmakda ýurdumyzyň ylalaşdyryjy merkez hökmünde araçyllyk mümkinçiligini berýän öňüni alyş diplomatiýasy barada gürrüň berdi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan dabarada çykyş eden ilçihananyň diplomatik işgärleri we çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň parahatçylygy goraýyş tagallalarynyň ýokarydygy we “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmeginiň möhüm ähmiýeti dogrusynda bellediler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly meşhur goşgusy türkmen diasporasynyň wekili tarapyndan ene dilinde çeper okaldy. Şeýle-de, talyp Serdar Derekow dutarda türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirdi.

Gatnaşanlara saz gurallary, şaý-sepler, milli egin-eşikler, halylar, sungat we senetçilik önümlerine degişli türkmen halkynyň milli mirasynyň sergisi görkezildi.

Kitap sergisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Halk Maslahatynyň Başlygynyň, şol sanda ukrain diline terjime edilen kitaplary görkezildi. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen Türkmen halkynyň görnükli nusgawy we akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň kitaplary we goşgular ýygyndylary hem sergide tanyşdyryldy.