DAŞARY ÝURT RAÝATLARY TÜRKMENISTANDAN ÜSTAŞYR EÝRANDAN ÇYKARYLDY

photo

Türkmenistan Eýranyň çäginden çykýan daşary ýurtly raýatlaryň howpsuz üstaşyr geçirilmegi üçin döwlet serhedini açdy. Bu barada degişli ýurtlaryň daşary işler ministrlikleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sişenbe güni habar berdiler.

Türkmenistanyň hökümetiniň utgaşdyrmagy esasynda Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Günorta Koreýa we beýleki döwletler öz raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyny gurnady.

Şu ýylyň 2-nji martyndan başlap türkmen–eýran serhedinde möhüm geçelgeler, ýagny “Howdan-Bajygyran”, “Artyk- Lüftabat”, “Akýaýla- Inçeburun”, “Altyn Asyr-Inçeburun” we “Sarahs” gözegçilik-geçiriş nokatlary täzeden işe girizildi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy daşary ýurt raýatlarynyň howpsuz we tiz üstaşyr geçmegini üpjün etmek maksady bilen zerur logistika we guramaçylyk goldawyny berýär.