STAMBUL ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ EKSPORT HARYTLARYNYŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR

img
img
img
img
img
img
img
img

Düýn Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Stambul Sergi Merkezinde giň gerimli bu serginiň geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän netijeli daşary ykdysady syýasatynyň möhüm ugrunyň biri hökmünde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. 

Dabara gatnaşyjylar köpugurly sergi bilen tanşyp başladylar. Onda türkmen önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri hem-de beýleki dürli önümler we ýerine ýetirilýän hyzmatlar görkezilýär. 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi berjek özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän bu sergi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Sergi meýdançasynda türkmen milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirilipdir.