TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI WE KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULY ADYNDAKY KITAPHANANYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN ÝUBILEÝ SENELER MYNASYBETLI BILELIKDÄKI ÇÄRELERIŇ MEÝILNAMALARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynda ýerleşýän "Swiçado" merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Magtymguly adyndaky kitaphanasynyň direktorynyň w.w.ýe.ýe. hanym Ýuliýa Lopatanyň çakylygy esasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi jenap Toýly Ataýew kitaphana bardy.

Mälim bolşy ýaly, bu kitaphananyň çäginde türkmen medeniýetiniň baý hazynasyny suratlandyrýan 1975-nji ýylda açylan adybir muzeý hem bolup, şu ýyl muzeý 50 ýyllyk ýubileýini baýram edýär.

Ilçi T.Ataýew türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň çeperçiligini, ynsanperwerligini, ahlak gymmatlygyny açyp görkezmekde, şeýle hem Ukrainada türkmen medeniýetiniň ýaýbaňlandyrylmagynda, dostlukly halklaryň medeniýetleriniň birek-birege ýakynlaşmagynda we baýlaşdyrylmagynda Magtymguly muzeýiniň we köp ýyllaryň dowamynda işjeň hereket edýän kitaphananyň aýratyn ornunyň bardygyny nygtady.

ÝUNESKO-nyň bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşulan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemekliginiň dowam etdirilmeginiň çäklerinde, ukrain tarapy 2025-nji ýylda meýilleşdirilýän medeni, ylmy we bilim çäreleriň maksatnamasy bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanda 2025-nji ýyly "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilen ýylynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we muzeýiň 50 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.