TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN GÜN TERTIBINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol bir wagtyň özünde, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de sebit we halkara düzümleriň çäklerindäki özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini tassykladylar.