TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
«EURONEWS»-YŇ WEKILI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Euronews» habarlar teleýaýlymynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça Baş direktory Roland Nikolaou bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy, bilermenlik başarnyklarynyň we tejribeleriniň alyşylmagy arkaly maglumat materiallaryny taýýarlamak babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Eur...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA SPORT GURAMALARY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 15-17-nji ýanwary aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lozanna şäherinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary boldy. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti Dewid Hagert bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli döwletimizde we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň geçirilj...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda eden çykyşy
Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, sizi Täze ýyl bilen mähirli hem-de tüýs ýürekden gutlamaga, size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikler gazanmagyňyzy arzuw etmäge rugsat ediň! Şu ýyl ýurdumyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden bellär. Bu, hakykatdan-da, wajyp senedir, türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynd...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNEP-IŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen BMG-niň Daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň Merkezi Aziýa boýunça Edarasynyň ýolbaşçysy Aýdaý Kurmanowa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawyň goraglylygy, h...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «TÜRKMENISTAN WE HALKARA GURAMALARY: PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly 2020-nji ýylda «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan halkara maslahaty öz işine başlady. Halkara maslahatynyň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu maslahata gatnaşmak üçin abraýly halkara guramalaryň w...
Documents on development of cooperation with the UN agencies signed in Ashgabat
The ceremony of signing the documents took place in frames of the International conference “Turkmenistan and international organizations: cooperation in the name of peace and development” held in Ashgabat with the participation of President Gurbanguly Berdimuhamedov. Among the documents signed are: 2020 Work Plan “Enhanced Legislative Framework on the Rights of the Child” between the Mejlis of Turkmenistan and the United Nations Children's Fund; 2020 Work Plan “Survival and well-being o...
EÝRANYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşygy geçirildi. Öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, Ilçi Golam Abbas Arbab Hales ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen türkmen tarapynyň gutlagyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidilmegine ynam bildird...