TÜRKMENISTANYŇ WE HALKARA SÖWDA MERKEZINIŇ (HSM) WEKILLERI BILELIKDÄKI TASLAMANY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Halkara Söwda merkeziniň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän  «Merkezi Aziýada söwdany ösdürmek: sebitde özara we halkara söwda ýardam» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Merkezi Bankynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga şeýle-de onlaýn görnüşinde HSM-niň halkara bilermenleri hem gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar şu ýylyň ýanwar аýynda başlanan HSM-niň taslamasynyň esasy düzüjilerini ara alyp maslahatlaşdylar, söwda ulgamynda milli mümkinçilikleriň pugtalandyrylmagyna, bäsdeşlige ukyplylygyň ösdürilmegine we hususy pudak bilen hatarda täze söwda strategiýalarynyň kabul edilmegine gönükdirilen taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň meýilnamasynyň işlenilip düzülmegine degişlilikde pikirleri alyşdylar.