TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Bet-Iden Kaýty kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersogyň mähirli salamyny ýetirdi we iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini bu wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Ysraýylyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de bar bolan uly kuwwaty nazara almak bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler biziň ýurtlarymyzyň döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklap, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Söwda-ykdysady ulgam, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, suw serişdelerini rejeli ulanmak we beýlekiler şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Bet-Iden Kaýty Türkmenistanda işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ysraýylly diplomat döwlet Baştutanymyza mähirli sözleri üçin hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly ysraýyl-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.