img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARALARY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRDILER

photo

2026-njy ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Söwda öýüniň» direktory Serdar Kepbanow, Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidentiniň orunbasary Waleriý Korol, şeýle hem Türkmenistanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň esasy maksady import-eksport işi bilen meşgullanýan kiçi we orta telekeçilere ýardam bermek, iki ýurduň işewürleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.

Çykyşlaryň dowamynda iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri telekeçileriň arasynda göni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, işewürlik maglumatlaryny yzygiderli alyşmaga, bazarlaryň mümkinçiliklerini öwrenmäge we hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini gözlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Dokma we himiýa senagatynda, ulag-logistika ulgamynda, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Özara söwdany giňeltmekde we sebitde söwda ugurlaryny ösdürmek üçin Türkmenistanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda ulag-logistika gatnaşyklarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Gatnaşyjylar ygtybarly işewür hyzmatdaşlary tapmaga mundan beýläk-de ýardam bermegiň we telekeçileriň arasynda B2B görnüşinde göni duşuşyklary geçirmegiň tarapdarydyklaryny aýtdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň dowamynda türkmen we ukrain işewürleriniň wekilleri özleriniň alyp barýan işleri barada maglumat berdiler hem-de anyk işewürlik tekliplerini hödürlediler.

Geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklara täze itergi bermäge özara gyzyklanmanyň bardygyny görkezdi.