TDIM-DE HALKARA TALYP SPORTY FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Halkara talyp sporty federasiýasynyň Prezidenti Oleg Matysiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar talyp sporty ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň meselelerine garadylar, şeýle hem Halkara talyp sporty federasiýasynyň we Türkmenistanyň sport edaralary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyklygy barada aýdyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sport diplomatiýasynyň ugry boýunça degişli ýardamlary amala aşyrmakda taýýarlygyny beýan etdi.

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigine baryp görmegi babatda garaýyşlary bilen paýlaşyp, O.Matysin bu toplumyň diňe bir halkara standartlaryna laýyk gelýändigi barada aýtman, ondan has hem ýokarydygyny belledi we şol sebäpli ýokary derejeli halkara sport çäreleriniň geçirilmegine mynasypdygyny aýtdy.

2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, şeýle hem halkara forumlarynyň we sport ýaryşlarynyň ençemesiniň geçirilmegi Türkmenistany halkara sport ulgamynyň işjeň agzasyna we halkara sport hyzmatdaşlygy üçin özüne çekiji hyzmatdaşa öwürýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň derjesini ýokarlandyrmak üçin ýola goýulan gepleşikleriň dowam edilmeginiň wajyplygyny bellediler.