img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

photo

Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon gepleşigini geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.  

Ministrler Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Taraplar şeýle-de hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary derejesindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler.