AWAZADA HALKARA SYÝAHATÇYLYK MASLAHATY AÇYLDY

2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň açylyşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahatyň ilkinji güni geçirildi. Çäreler Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Maslahata ýigrimiden gowrak döwletden: Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, Bolgariýadan, Wengriýadan, Finlýandiýadan, Daniýadan, Serbiýadan, Italiýadan, Eýrandan, Hindistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan we Ukrainadan wekiliýetler ýygnandy.

“Seýrana” myhmanhanasynda gurnalan serginiň açylyş dabarasyna Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hemme esasy bölümçeleri hem-de ýurdumyzyň hünär ugurly hususy kärhanalarynyň 60-a golaýy, Awazanyň myhmanhanalary, daşary ýurt syýahatçylyk kompaniýalary, hormatly ýaşulular, ýerli dolandyryş edaralaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide ýigrimiden gowrak daşary ýurt kompaniýalary—milli syýahatçylyk agentlikleri, şypahana dynç alyş ulgamynda, myhmanhana işewürliginde hem-de beýleki garyşyk ugurlarda işleýän guramalar we kärhanalar diwarlyklaryny görkezdiler. Sergi Türkmenistanyň ajaýyp syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, syýahatçylyk ulgamynyň ýagdaýylary we dynç alşyň dürli görnüşleriniň guralyşy barada möhüm maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň açylyş dabarasyndan soň, umumy mejlisiniň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri çykyş edip, bu ýere ýygnananlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanan syýahatçylyk toplumyny innowasion taýdan ösdürmegiň strategiýasy we ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Sport syýahatçylygy hem-de “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilýän döwründe ýurdumyzyň halkara derejesindäki iri ýaryşlary guramakda hem-de myhmanlary kabul etmekde toplan gymmatly tejribesi maslahatyň esasy meseleleriniň biri boldy.

Maslahata gatnaşyjy daşary ýurtlular öz çykyşlarynda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň çäklerinde gatnaşyk etmekden başlap, hünär bilimi, okuw we iş maslahatlaryny guramak babatda hyzmatdaşlyk etmäge çenli meseleleriň giň toplumyna degip geçdiler. Özara pikir alyşmalar bu ulgamyň ösdürilmegine dürli çemeleşmeleri hödürlemäge, bu ugurda Türkmenistanyň daşary ýurt düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň has nusgalyk mysallaryna garamaga mümkinçilik berdi.

2-nji noýabrda maslahat “Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy”,  “Syýahatçylykda bilim we ykdysady innowasiýalar” we “Syýahatçylygyň ösüşiniň ekologiýa meseleleri” ýaly bölümçeler boýunça öz işini dowam eder.