KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň hem wekiliýeti gatnaşýar.

BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary F.Grandi giriş sözi bilen çykyş edip, “olimpiýaçy bosgunlara” goldaw bermegi BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Müdirligi öz hereketiniň bir ugry hökmünde kesgitländigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, F.Grandi şu tapgyrda Halkara Olimpiýa komiteti we Halkara Söwda palatasy bilen bilelikde bu ugurda hereketi goldamak üçin ýöriteleşdirilen gaznany döretmegiň meseleleri işlenip düzülýär diýip belledi.

Bellemeli zatlaryň biri hem, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Müdirliginiň  bu strategiýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 36-njy mejlisinde  kabul edilen “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde bosgunlaryň Olimpiýa toparynyň goşýan gymmatly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Beýannamasyndan soň yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň hut özüniň  başlangyjy bilen  bosgunlaryň Olimpiýa topary 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşdy.  

BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň çykyşy göz öňünde tutulýar, şeýle hem BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Müdirliginiň we Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşyklar meýilnamalaşdyrylýar.