Aziadanyň baýdaklary we nyşanlary - ýetip gelen sport baýramynyň buşlukçylary

Şu gün paýtagtymyzyň möçberi hem-de enjamlaşdyrylyş derejesi boýunça sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny galdyrmak dabarasy boldy. Bu waka şanly senäniň, bu ýerde — Olimpiýa stadionynda türgenleriň, janköýerleriň, tomaşaçylaryň on müňlerçesiniň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň golaýlaşýandygyny alamatlandyrdy.

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň badalga alýan güni, 17-nji sentýabrda Aşgabada ýokary wezipeli hormatly myhmanlaryň, döwlet Baştutanlarynyň, görnükli syýasy işgärleriň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gelmegine garaşylýar. Şu günler türkmen paýtagtyna dürli ýurtlardan oýunlara gatnaşýan wekiliýetler gelýär.

Ak mermerli paýtagtymyzyň V Aziada taýýarlyk görmeginiň çäklerinde amala aşyrylan ägirt uly taslamalaryň biri hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda oýunlaryň başlanmagyna laýyk bir ýyl galanda ulanmaga berlen Halkara howa menziline gelen myhmanlar Aşgabat baradaky özleriniň ilkinji täsirlerini paýlaşmaga howlukýarlar.

Hakykatdan-da, ýurdumyzyň baş şäheri örän ajaýyp keşbe girdi. Ähli ýerde ýakynlaşyp gelýän uly baýramçylygyň ruhy duýulýar — şanly waka mynasybetli bezelen köçelerde we meýdançalarda, gülzarlyga beslenen künjeklerde, gutlag şygarlarynda, oýunlaryň nyşanlary şekillendirilen suratlarda, uly göwrümli monitorlarda görkezilýän sport wideogörnüşlerinde hem-de Wepalynyň heýkellerinde şatlyk alamatlary äşgär duýulýar. Yhmanlary türkmenistanlylaryň myhmansöýerlik bilen garşylamaklary hem uly baýramçylygyň aýratyn alamatydyr. Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky taryhy çözgüdi Watanymyzyň halkara sport giňişligindäki belent abraýynyň aýdyň subutnamasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň belent diplomatik abraýynyň hem subutnamasydyr.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, sport parahatçylyk, halklaryň dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy baradaky taglymatlaryň ajaýyp wagyzçysydyr, şeýle hem her bir ynsanyň taýsyz durmuş gymmatlyklary bolan sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem-de maksada okgunlylygyň, sazlaşykly ösüşiň we rowaçlygyň girewidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni howandarlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport işjeňleşdirilýär, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň sany barha artýar. Türkmenistan halkara derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär.

Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana hem-de onuň paýtagtyna gyzyklanmasy öňde boljak ägirt uly sport wakasy bilen baglylykda has-da artýar, ol biziň halkymyzyň we ýurdumyzyň taryhyna, şeýle hem tutuş Aziýanyň sport hereketiniň ýyl ýazgysyna “Aşgabat 2017 oýunlary” diýen sözler bilen altyn harplarda ýazylar.

Şu gün Olimpiýa şäherjiginde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagynyň galdyrylmagy mynasybetli geçirilen dabaralara hökümet agzalary, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň sport federasiýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalary, daşary ýurtly hyzmatdaşlar we ýurdumyzyň myhmanlary gatnaşdylar.

Özboluşly many-mazmuna beslenen sanlaryň sazlaşygy bu dabaranyň çuňňur ähmiýetini alamatlandyrdy: baýdaklary galdyrmak dabarasy 17 sagat 17 minutda hem-de 777 türgeniň gatnaşmagynda geçirildi.

Dabara V Aziadanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysynyň giriş sözi bilen açyldy, onda “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” şygary astynda geçirilýän oýunlaryň ägirt uly ähmiýeti nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, oýunlaryň şeýle giň gerimde geçirilmegi dünýä sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açar, dünýäniň dürli künjeklerinde millionlarça adamlaryň bähbidine Aziýa oýunlarynyň geriminiň giňelmegine ýardam berer.

Aziýa oýunlaryna 6 müňe golaý türgen gatnaşar, olar sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler. Takmynan, 30 müňe golaý daşary ýurtly myhmanlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ýüzlerçesiniň gelmegine garaşylýar. Ýaryşlara gatnaşyjylaryň ählisi türkmen myhmansöýerligini hem-de halkymyzyň hoşniýetliligini duýarlar, hoşniýetlilik, parasatly we baky gymmatlyklar halkymyzyň däp-dessurlarynyň binýadyny düzýär.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazy astynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagy galdyrylýar.

Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy galdyrylýar.

Belent pasyrdaýan ýaşyl türkmen Tugy hem-de Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ak baýdagy Olimpiýa şäherjiginiň hem-de ýaryşlary guramaçylaryň, işgärleriň we tehniki gulluklaryň “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna – şu hepdäniň ahyrynda badalga alýan 10 günlük köpçülikleýin sport we baýramçylyk çäreleriniň marafonyna taýýardygyny alamatlandyrdy.

Şeýle hem baýdak meýdançasynda Oýunlara gatnaşyjy ýurtlaryň Baýdaklary galdyryldy.

Dabaralar aýdym-sazly we tansly çykyşlar — V Aziada we ajaýyp türkmen paýtagtyna, abraýly halkara ýaryşlaryny kabul edýän şäherimize bagyşlanan çykyşlar bilen utgaşdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň howandarlygynda oýunlara toplumlaýyn taýýarlyk işleri geçirildi: zerur bolan ähli sport, medeni-durmuş, lukmançylyk-dikeldiş hem-de aragatnaşyk-ýaýlyma beriş düzümleri guruldy, jemgyýetçilik iýmiti nokatlary hem-de ählumumy howpsuzlyk üpjünçiligi emele getirildi. Ägirt uly möçberde geçirilen ähli işler hil babatynda dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Iň gowy milli däp-dessurlaryň ruhunda myhmansöýerlik ýagdaýynyň döredilmegine aýratyn üns berildi.

Türkmenler zähmetsöýer we zehinli halk, olar ahalteke bedewi hem-de itiň alabaý tohumy ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary döretdiler. Häzirki wagtda olar Aşgabat Aziadasynyň esasy nyşanlaryna öwrüldi. Türkmenler diňe bir oňat işlemegi däl-de, eýsem, şatlykly baýramçylyklary, uly toýlary geçirmek bilen belent gazananlaryny dabaralandyrmagy hem başarýarlar.

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylmagy mynasybetli olara gatnaşyjylar we myhmanlar üçin köpsanly sowgatlar taýýarlanyldy, sazlar we şahyrana goşgular düzüldi, çeper we amaly-haşam sungaty eserleriniň toplumy, dürli görnüşli sowgatlyk önümler döredildi.

Şunuň ýaly ýadygärlik önümleriň hatarynda Aziada we onuň maksatnamasyna girýän sportuň görnüşleri boýunça heýkeltaraşlyk toplumlary aýratyn orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça olar ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan taýýarlanyldy.

Gymmat bahaly daşlardan zergärlik enjamlarynyň peýdalanylmagy bilen taýýarlanylan bu ýadygärlik sowgatlary Aziada - 2017-niň hakyky altyn özenini düzýär.

Olaryň biri Olimpiýa şähercesiniň Olimpiýa stadionynyň kiçeldilen nusgasydyr. Ol oýunlaryň baş meýdançasynyň binagärlik keşbini emele getirýär, bu meýdançada açylyş we ýapylyş dabaralary geçiriler. Heýkeltaraş toplumyny döredijileriň pikirine görä, ol bedewlere atlanan atly ýigitleriň meýdança dabaraly çykyşyny şekillendirýär, ony Türkmenistanyň möhüm ähmiýetli taryhy-medeni ýadygärlikleriniň we häzirki zaman desgalarynyň şekilleri bezeýär.

Indiki heýkel Wepaly alabaý itini milli donda we telpekde, Türkmenistanyň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklary bilen şekillendirýär. Bu heýkel simwoliki derwezeleriň öňünde oturdyldy we onda türkmen we iňlis dillerinde “Hoş geldiňiz V Aziýa oýunlaryna!” we “Welcome to 5th AIMAG” diýen ýazgy ýerleşdirilipdir. Bu heýkeliň molahit postamentinde “Aşgabat 2017” oýunlarynyň şygary - “Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk” altyn harplar bilen ýazylandyr.

Atçylyk sporty - konkur hem özboluşly çeper beýan edilýär. Okgunly çapyp barýan bedewde çapyksuwar päsgelçilikden geçýär – ajaýyp heýkel hereket okgunlylygyny, bedewiň kuwwatyny we gujuryny, çapyksuwaryň batyrgaýlygyny hem-de olaryň bir bitewilikde utgaşmagyny aňladýar.

Sportuň görnüşleriniň tapgyryny iki alabaý güjügiň guşakly göreşde çekeleşigini görkezýär. Wepaly kikboksçynyň keşbinde hem – söweşjeň elliklerde we gorag baş gabynda peýda bolýar we aýagy bilen urgy edýär. Ol tennisi hem oýnamagy başarýar – şunda ol raketka bilen topjagazy urmaga taýýarlanýan görnüşde şekillendirilýär.

Bu ýerde bolsa iki alabaý göreş boýunça bäsleşýär – sport göreşidir. Soňra basketbolyň gezegi gelýär: Wepaly pökgini halka oklaýar; sport tanslary, şunda kellesi tahýaly we owadan lybasly alabaýjyk pa tans hereketini ýerine ýetirýär.

Ýene birnäçe heýkel söweş sungatlaryna: sambo bagyşlanypdyr. Biziň gahrymanymyz öz bäsdeşini başyndan aýlap urýar; milli türkmeniň göreşinde batyrgaý Wepala taý tapylmaýar; taekwondo - alabaý kimonodo howada aýagy bilen bäsdeşini göz öňüne getirip, urgy edýär.

Suwda ýüzmek - bu heýkeltaraş toplumynda ýelkençi görnüşinde şekillendirilýär, onuň gapdalyndan tolkunlaryň üstünde Wepaly ýüzüp barýar, taýboksy — alabaý — türgen hüjüme geçmäge taýýarlyk pursatynda görkezilýär.

Ýeňil atletika görnüşinde pellehana ýetip barýan ylgaýan türgen şekillendirilýär. Yzky görnüşde Aşgabadyň iň belli binagärlik desgalary, şol sanda Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ýadygärlikler görkezilýär, olaryň depesinde bolsa, Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän bedewiň şekili seleňleýär.

Wepaly agyr atletika boýunça bäsleşiklerde hem kuwwatyny görkezýär: ol ýylgyrmak bilen agyrlygy ýokary galdyrýar. Futzalda bolsa ol çalasyn we çeýedir, ol bäsdeşiň derwezesine pökgini geçirýär.

Kuraş boýunça hemmeleriň söýýän Wepaly iti ýeňiş gazanmagy maksat edinýär; ol taýagy bilen bilýard şaryny dürs urýar; ol jui-jitsu boýunça hem ussatdyr. Wepalyny boulingde pökgi oklaýan pursatyny görkezýän heýkel hem bar.

V Aziada bagyşlanan ýadygärlik önümleriniň hatarynda welosiped sportunyň nyşany heýkellerde welosiped görnüşinde şekillendirilýär, emma ol hakyky sungat eseri hökmünde getirilýär, şunda tregiň ýerini enaýy köprüjik tutýar. Heýkeller toplumyny Wepaly – küştçi tamamlaýar.

Hakykatdan-da “Aşgabat 2017” oýunlarynyň Keşbi bolan bu enaýy gahrymany Wepaly alabaý ýurdumyzyň myhmanlarynyň hoşuna geler, olar üçin bu itjagaz türkmen medeniýetiniň dünýäsiniň ilçisine öwrüler.

Häzirki döwürde sport halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegine öwrülýär, özara düşünişmegiň we hormat goýmagyň, ynamyň emele gelmegine uly goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Türgenler parahatçylygyň ilçileridir, olar öz ussatlygy we erki bilen adalatly tutluşykda olimiýa hereketiniň belent taglymlaryny kemala getirýärler, ýaşlar üçin görelde bolup hyzmat edýärler, olary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmäge, işjeň durmuş ornunyň kemala gelmegine ýardam berýärler. Elbetde, Aziada ýaly ýokary derejeli ýaryşlar munuň özi türgenleriň özi üçin hem, dünýäniň onlarça döwletlerinde ýaryşlaryň barşyna syn etjek millionlarça adamlar üçin hem uly baýramçylykdyr.

Türkmenistan örän iri sport çärelerini guramaga hem-de ýokary derejede geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna ynamly girýär. Öňde boljak “Aşgabat 2017” oýunlary ýurdumyzyň gazananlarynyň aýdyň subutnamasyna, onuň dünýä ösüşiniň belentliklerine, häzirkizaman olimpiýa hereketiniň beýik taglymlaryna ygrarlylygyna tarap okgunly hereketiniň toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn häsiýetiniň tassyknamasyna öwrüler.