TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANDA ADAM SÖWDASYNA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanmagyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.  

Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de çärä Halkara Migrasiýa guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça Utgaşdyryjysy, Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalaryň ýolbaşçysy Z.Gajiýew hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork ş.), BMG-niň Ženewa we Wena bölümleriniň ýanyndaky Hemişelik wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň umumy maksady Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyndan gelip çykýan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak we olary okatmak arkaly adam söwdasy howpunyň öňüni almak babatdaky meseleler hakynda aýratyn pikir alşyldy. Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary kämilleşdirmek ýoly bilen bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar.