AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
23-nji sentýabrda “Maslahat köşgünde” türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Dabaraly ýagdaýda mejlisi açyp, türkmen halkynyň Milli Lideri gatnaşyjylara ýüzlendi.
Ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine halkyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Soňra Halk Maslahatynyň mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyz, Bitarap döwletde ýerine ýetirilen işleri beýan etmek üçin Arkadagly Gahryman Serdara söz berdi. Şeýle hem, Döwlet baştutany möhüm döwlet resminamalaryna hem gol çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda dürli ugurlarda zähmet çeken, ýaşlary watansöýüjilik we halkyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada eýe bolan uly nesliň wekillerine we «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan watandaşlara sylaglary gowşurdy.