TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ 24-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk ” atly ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi hem ýaýbaňlandyryldy.

Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri, Türkmenistanda işleýän halkara guramalarynyň hem-de Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary, Türkmenistanda bilim alýan owganystanly talyplar, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Giriş sözi bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny okady.

Soňra maslahata gatnaşyjylar çykyş etdiler we çykyşlaryň dowamynda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň sebitdäki hem-de dünýädäki ähmiýetiniň üstünde durup geçdiler. Öz çykyşynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň täsirli ähmiýetini bellemek bilen, onuň hemişelik görnüşi we oňyn, konstruktiw nusgasy barada aýdyp, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň sözlerini belläp geçdi: “Biziň bitarap döwletimiz, özara ynanyşmak, deňhukuklylyk gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde esaslanan parahatsöýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostlukly hem-de özarabähbitli gatnaşyklary geljekde hemmetaraplaýyn ösdürer!”.

Maslahatyň dowamynda şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň başlygy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy E.Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy N.Drozd hem-de Italiýa Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçileri, Türkmenistanyň Italiýadaky we ABŞ-daky Ilçileri çykyş etdiler.

Soňra gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Ýüzlenmede maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine onuň ösüş, durnuklylyk we ynsanperwer ýörelgelerini durmuşa geçirmek esasynda  adamzadyň hatyrasyna parahatçylygy üpjün etmekde ýadawsyz tagallalary, şeýle hem Türkmenistanyň abadançylygy we ösüşi üçin edýän köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Maslahatyň ahyrynda baýramçylyk konserti we milli we daşary ýurt aşhanasynyň tagamlaryna bagyşlanan sergi geçirildi.